Smartfonuň kamerasyny kiçeltmegiň we kämilleşdirmegiň usuly tapyldy

  • 10.02.2021 17:33
  • 8.7k+

Häzirki zaman smartfonunyň kamera optikasy 4-7 linzadan durýar. Linzalaryň köp bolmagy öndürijilere hromatiki aberrasiýa (şekiliň gyralarynda reňk gatlagy) ýa-da obýektiwiň distorsiýasy (suratdaky göni çyzyklaryň egri görünmegi) ýaly meseleleriň öwezini dolmaga mümkinçilik berýär. Ýöne linzalary biri-biriniň üstünden ýerleşdirmek kamera modulynyň içinde has köp ýer talap edýär. Şonuň üçin smartfonlaryň surat modullary, köplenç, korpusdan çykýar.

Robert Dewlin we Federik Kapasso tarapyndan döredilen Metalenz başlangyjy optika meselesiniň başga bir çözgüdini hödürledi. Bu barada solovei.info habar berýär. Oýlap tapyjylar 1x1 – 3x3 mm aýna plastikasynda gurnalan diňe bir linzany ulanýarlar. Plastina nanogurluşlardan ybarat. Olar ýagtylyk şöhlelerini klassyky bir linzaly ulgamlaryň kemçilikleri aradan aýrylar ýaly derejede egreldýärler. Ýagtylyk mikroskopik derejede dürli diametrli millionlarça tegelek ýaly görünýän nanogurluşlardan geçýär. Nanogurluşlar adaty kameralar üçin häsiýetli bolan, şekiliň hilini peseldýän köp sanly aberrasiýalary kiçeltmek ýa-da ýok etmek işini öz üstüne alar. Işläp düzüjiler täze çemeleşmäniň şekil datçigine has köp ýagtylygy alyp, gönükdirmäge, netijede pes ýagtylykda-da has ýagty we aýdyň şekilleri almaga mümkinçilik berýändigini tassyklaýarlar.
Başlangyç 2021-nji ýylyň ahyryna çenli täze rewolýusion linzaly smartfony çykarmagy wada berýär.

düýn 17:39
3.2k+

Oýunlar kino ýaly: Nvidia-nyň DLSS 5 tehnologiýasy kompýuter grafikasynda uly öňegidişlik gazandy

Nvidia kompaniýasy DLSS 5 tehnologiýasyny hödürledi we ony «şöhle ýoly» (ray tracing) tehnologiýasynyň peýda bolan döwründen bäri kompýuter grafikasyndaky iň uly öňegidişlik diýip atlandyrdy. Tanyşdyrylyş mart aýynyň başynda geçirildi...

düýn 16:28
1.8k+

Google Android smartfonlaryň işini çaltlandyrmagyň we batareýasynyň ömrüni uzaltmagyň usuly barada aýtdy

Google kompaniýasy Android ulgamly smartfonlaryň öndürijiligini ýokarlandyrmaga we batareýasynyň işleýiş wagtyny uzaltmaga gönükdirilen düýpli kämilleşdiriş işlerini geçirýär. Munuň üçin Android LLVM toolchain platformasyny we Automatic Feedback-Directed Optimization (AutoFDO) tehnologiýasyny ulanmak meýilleşdirilýär...

düýn 10:02
841

Apple Music-iň abunaçylary aýdymy dolulygyna göni TikTok-da diňläp bilerler

Apple Music-iň abunaçylary täze «Play Full Song» we «Listening Party» funksiýalarynyň kömegi bilen aýdymlary göni TikTok goşundysynyň içinde dolulygy bilen diňläp bilerler. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär...

17.03.2026 21:11
5k+

Deep Robotics adam daşamaga ukyply robot-atyny tanyşdyrdy

Hytaýyň emeli aň we robototehnika ulgamynda iş alyp barýan Deep Robotics kompaniýasy at görnüşindäki üýtgeşik robotyny görkezdi. Bu taslama gündogar senenamasy boýunça 2026-njy – at ýylyna bagyşlanyp taýýarlandy...