Döwletjan Ýagşymyradow Bellatorda Kori Anderson bilen tutluşar

  • 10.02.2021 17:15
  • 26k+

Garyşyk söweş sungatynyň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow Bellatordaky ilkinji söweşini amerikaly Kori Andersona garşy geçirer. Bu tutluşyk 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Bellator 256 ýaryşynyň çäginde bolar diýip, MMA Junkie habar berýär.

Ýarym agyr agram derejesinde çykyş edýän Döwletjan Ýagşymyradow (18-5) 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator promouşeni bilen şertnama baglaşdy. Bu şertnamada iki söweş göz öňünde tutulypdy.
Döwletjan özüniň soňky söweşini 2019-njy ýylyň dekabrynda ACA ligasynda geçirip, eminleriň karary bilen russiýaly Alekseý Butorini ýeňdi we ikinji gezek çempionlyk adyny gorady. Ildeşimiziň bassyr sekiz gezek bäri yzly-yzyna ýeňiş gazanyp gelýändigini bellemek gerek.
Döwletjanyň Bellatordaky ilkinji garşydaşy 31 ýaşly Kori Anderson 2013-nji ýyldan bäri professional derejede çykyş edip gelýär. Ol, esasanam, UFC-däki çykyşlary bilen, şeýle hem The Ultimate Fighter realiti-şounyň 19-njy möwsüminiň ýeňijisidigi bilen tanalýar.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......