Nurmagomedow professional futbolçy bolup, "Realyň" düzüminde oýnamak isleýär

  • 10.02.2021 16:41
  • 23k+

UFC-de çykyş eden garyşyk söweş sungatynyň russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow futbolçy bolmak isleýändigini we professional toparyň düzüminde, iň bolmanda, 15 minutlyk futbol meýdançasyna çykmagy arzuw edýändigini aýtdy, diýip sport.sm.news habar berdi.

Nurmagomedow futbolyň sportuň ähli görnüşleriniň naýbaşysydygyny düşündirdi. "Match TV"-niň ýaýlymynda söweşiji haýsy klubda oýnamak isleýändigini aýtdy.

“Haýsy klubda oýnamaly? "Spartak" - bu ýerli dereje. Ýöne çynlakaý bir ýerde oýnamak teklip ediläýse, arzuwlar kluby - bu Madridiň "Realydyr"-diýip, Nurmagomedow gürrüň berdi.

Şeýle hem, ol 1998-nji ýyldaky Çempionlar ligasynyň finalyny görendigini aýtdy. Onda “Real” we “Ýuwentus” ýeňiş üçin göreşipdiler.
Habib Nurmagomedow häzirki wagtda UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony bolup durýar. Ol özüniň karýerasynda 29 ýeňiş gazandy we ýekeje gezek hem ýeňilmedi.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......