2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy tanyşdyryldy

  • 07.02.2021 23:47
  • 5.3k+

2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek Gyşky oýunlaryň guramaçylary Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň nähili boljakdygyny tanyşdyrdylar. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Alaw hytaý kompaniýasy tarapyndan öňümizdäki oýunlar üçin ýörite döredilen uglerod süýüminden ýasaldy. Ol spiral boýunça ýokary galýan iki lenta (gyzyl we kümüş reňklerde) görnüşinde ýerine ýetirilipdir.
Guramaçylar kümüş we gyzyl reňkleriň buz bilen oduň utgaşygyny aňladýandygyny düşündirýärler. Alawda Beijing 2022-niň (Pekin 2022) nyşany we Olimpiýa halkalary ýerleşdirildi.
Paralimpiýa gyş oýunlarynyň alawynyň dizaýny hem şuňa meňzeş. Ol diňe reňkleriniň gyzyl we altynsowdygy bilen tapawutlanýar.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......