Türkmenistanyň Prezidenti Internet hyzmatlarynyň nyrhlaryna gaýtadan seretmegi tabşyrdy

  • 07.02.2021 22:59
  • 27k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkara tejribesi esasynda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegi, ilata hödürlenýän Internet hyzmatlary we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi, ilat köpçüligine Internet ulgamynyň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Degişli tabşyryklary döwlet Baştutany ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynyň dowamynda berdi.

Hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B.Öwezowa hem-de ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, çökgünlige garşy 2020–2021-nji ýyllar üçin maksatnama laýyklykda hem-de elektron söwdasynyň, Internet hyzmatlarynyň, uzak aralykdan işlemegiň we okatmagyň giňden ýaýramagy bilen baglylykda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny gowulandyrmalydygyny aýtdy. 
Türkmen Lideri ulag-aragatnaşyk toplumynyň edaralarynda kuwwatlyklaryň doly güýjünde peýdalanylmagynyň we ösüş depginleriniň peselmeginiň sebäplerini seljermegiň zerurdygyny belläp, ilat üçin aragatnaşyk we Internet hyzmatlarynyň, bahalarynyň elýeterli bolmagyny, 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

şu gün 11:13
1.6k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

şu gün 10:55
1.3k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

şu gün 08:53
1.3k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

şu gün 08:04
3.9k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....