Ýaponiýada "aglaýan" äýnek döredildi

  • 05.02.2021 23:54
  • 14k+

Ýapon inženerleri gözýaşa meňzedip suw damjalaryny çykarýan äýnek döretdiler. Ol gaýgy diýlen zat aglamakdan döreýär diýlen çaklamany barlamak üçin oýlap tapyldy diýip, rueconomics.ru habar berdi.

Hatda emeli mimika hem adamyň keýpine täsir edip biler diýlen garaýyş bar. Mysal üçin, ýasama ýylgyryş adamyň keýpini göterip biler. Ylmy barlagçylar şeýle prinsipiň emeli gözýaşlar babatda hem saklanýandygyny ýa-da saklanmaýandygyny anyklamak kararyna geldiler.
Bu täsin äýnekleriň çarçuwasy 3D printerde çap edildi. Oňa elektromagnit klapanlary we pružinli şprisler oturdyldy. Şprisden gaýdýan iki turba burna birikdirildi. Oturdylan platanyň buýrugy bilen klapan açylýar we ondan suw akyp başlaýar. Äýnegiň agramy suwuklyk bilen bilelikde 72 grama barabardyr.
Üstünde işlenip bolnandan soň äýnek iki synagdan geçirildi. Synaga gatnaşanlara bitarap suratlar görkezildi we wagtal-wagtal "gözýaşlar" damdyryldy. Olar suratda ünsi jemlemegi kynlaşdyrdy we diňe bir äýnek dakýanlaryň däl, töweregindäkileriň hem keýpiniň gaçmagyna sebäp boldy.

şu gün 16:56
557

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
912

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.4k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....