Dastin Porýe Konor Makgregora garşy üçünji söweşe razy boldy

  • 05.02.2021 22:40
  • 21k+

Garyşyk başa-baş göreşiň (MMA) amerikaly wekili Dastin Porýe özüniň Twitter sahypasynda iki agram kategoriýasynda Absolýut göreş çempionatynyň ozalky çempiony Konor Makgregor bilen üçünji gezek söweşmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada vedomostisport.ru habar berýär.

“Bilýärsiňizmi, biz üçünji gezek hem söweşeris” – diýip, Porýe ýazdy.

24-nji ýanwarda UFC 257 turnirinde türgenler rewanş söweşinde duşuşdylar. Söweş Porýeniň ikinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňşi bilen tamamlandy. Konor bilen Porýe ilkinji gezek 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda söweşdiler, şonda Makgregor Porýeni birinji raundda nokauta gidirdi.
Öz gezeginde, Konor Makgregor hem Dastin Porýe bilen üçünji söweşiň mümkindigi barada aýtdy.

“Meniň özüm hem üçünji söweş bolmalydyr diýip kän pikir etmeýärdim, ýöne bu wariant barada pikirlenmedim diýsem ýalan sözledigim bolar. Üçünji söweşiň bolmalydygy indi düşnükli” – diýip, Makgregor ýazdy.

Makgregoryň hasabynda 27 söweş bolup, olaryň 22-sinde ýeňiş gazandy, bäş söweşde ýeňildi. Makgregor UFC-niň taryhynda ilkinji bolup iki agramda – ýeňil we ýarym ýeňil agramda guşaga eýe boldy.

düýn 23:43
4.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
6.4k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......