Ilon Mask çipleri adamlaryň beýnisinde haçan synag edip başlajakdygyny aýtdy

  • 05.02.2021 12:18
  • 13k+

Ilon Mask Neuralink kompaniýasynyň adam beýnisine kompýuter çibini girizmek boýunça meýilnamalaryny gürrüň berdi.

Bu barada Mask abunaçysynyň ýüzlenmesine jogap hökmünde Twitterdäki sahypasynda aýtdy. Ulanyjy Ilon Maska 20 ýyl ozal ulag heläkçiligine uçrandygyny we şondan bäri ysmaz galandygyny, şol sebäpli Neuralink-iň kliniki synaglaryna gatnaşmaga hemişe taýýardygyny aýtdy, diýip ferra.ru habar berýär.

“Neuralink implantatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli tagallalary edýär we FDA (Iýmit önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline sanitar gözegçilik boýunça edara) bilen ýakyn aragatnaşygy saklaýar. Eger-de ähli zat gowy bolsa, biz adamlarda ilkinji synaglary şu ýylyň ahyrynda geçirip bileris” – diýip, Mask abunaçysyna jogap berdi.

Ýatlap geçsek, Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan Neuralink kompaniýasy neýron impulslaryny kompýuter we organizmiň nerw ulgamynyň beýleki bölekleri tarapyndan düşünip boljak buýruklara öwürmäge mümkinçilik berýän, kellede ýerleşdirilýän gurluşy işläp düzmek bilen meşgullanýar. Implantatyň nusgalaryny barlamagyň başlangyç tapgyryna doňuzlar gatnaşdy.

21.06.2026 16:10
3.4k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.2k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....