«Barselona» 88-nji minutda 0:2 utulyp gelýän halyna, «Granadadan» üstün çykdy

  • 04.02.2021 08:04
  • 13k+

«Barselona» Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym final tapgyryna çykdy. Çärýek final duşuşykda katalonlylar myhmançylykda duşuşygyň 88-nji minudyndan 0:2 hasapda utulyp gelýändigine garamazdan, goşmaça wagtda «Granadadan» üstün çykmagy başardylar (5:3).

«Granada» arakesmä hasapda öňdeligi saklap çykypdy. Duşuşygyň 33-nji minudynda Kenedi hasaby açdy. Ikinji ýarymyň başynda Roberto Soldado hasaby 2:0 etdi. Emma duşuşyk tamamlanyp gelýärkä Antuan Grizmannyň urgusy derwezäniň ştangasyndan derwezeban Aaron Eskandele degip tora girdi. 92-nji minutda bolsa, Hordi Alba hasaby deňläp, duşuşygy goşmaça wagta geçirdi.
Goşmaça wagtda katalonlylar Grizmannyň ikinji goly bilen öňe saýlandylar, emma üç minutdan soňra «Granada» Fede Wikonyň penaltini dürs ýerine ýetirmegi bilen hasaby deňledi. Emma duşuşygyň ahyrynda Frenki de Ýong we Hordi Alba (dubl) ýeňiş pökgülerini geçirdiler. 
Öň, Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym final tapgyryna «Almeriýany» ýeňen (1:0) «Sewilýa», şeýle hem goşmaça wagtda «Wilýarealy» ýeňen «Lewante» çykdy.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......