Ilon Mask maýmynyň beýnisine çip oturdyp, oňa wideo oýun oýnamagy öwretdi

  • 03.02.2021 23:31
  • 12k+

“SpaceX”-iň we "Tesla"-nyň esaslandyryjysy Ilon Maska degişli bolan “Neuralink” kompaniýasy maýmynyň beýnisine neýroimplant oturtmak boýunça üstünlikli synag geçirdi. Bu barada onuň öz sözlerine salgylanyp, “Bloomberg” habar berdi.

"Ol (maýmyn - red.) öz beýnisiniň kömegi bilen wideo oýunlaryny oýnamagy başarýar" -diýip, Mask belleýär.

Mask çipiň maýmynyň derisiniň aşagynda doly gizlenendigini we oňa zyýan bermeýändigini aýtdy. “Space X”-iň esaslandyryjysynyň pikiriçe, maýmyn özüni gaty gowy duýýar. Mundan başga-da, Mask maýmynyň gowy şertlerde saklanýandygyna ynandyrdy.
Şeýle hem, ol çipleşdirmek tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmeginiň beýniniň we oňurga ýiliginiň şikeslerini aradan aýyrmaga hem-de ýitirilen ukyplary dikeltmäge gönükdirilendigini düşündirdi.
2020-nji ýylyň awgust aýynda Mask doňuzyň beýnisine çip goýmak boýunça geçirilen üstünlikli synag barada mälim edipdi. Oturdylan neýroimplantlar alymlara simsiz aragatnaşyk kanaly arkaly haýwanyň beýnisiniň taktil merkezleriniň işine gözegçilik etmäge, doňuzyň burny bilen degen her bir zadyny yzarlamaga mümkinçilik berdi.

düýn 18:52
1.8k+

Alymlar ýokary derejeli Gün partlamasyny hasaba aldylar

30-njy mart güni irden Günde ýokary derejeli X klasly partlama hasaba alyndy. Bu iki aýa golaý wagtyň içinde ilkinji gezek ýüze çykan şeýle hadysadyr....

düýn 10:56
2.5k+

Hytaýyň bir startapy kosmosda ýangyç doldurmaga niýetlenen “çeýe goly” synagdan geçirdi

Hytaýyň kosmos kompaniýasy orbitada çeýe robot goluny synagdan geçirdi. Bu işläp düzme kosmos gämilerine ýangyç guýmak we hyzmat etmek üçin niýetlenendir....

29.03.2026 15:30
2.8k+

Kosmosdaky Solar Orbiter apparaty birnäçe günläp Günüň birbada iki tarapyny hem synlamaga mümkinçilik berer

Ýewropa kosmos agentligine degişli bolan "Solar Orbiter" kosmos apparaty Ýeriň garşysynda ýerleşýän orbitadaky nokadyny eýeledi. Bu ýagdaý Günüň hem Ýerden görünýän tarapyny, hem-de onuň arka tarapyny bir......

28.03.2026 10:21
1.5k+

“Habbl” we “Jeýms Webb” Saturnyň iň detally "portretini" döretdiler

Astronomlar “Habbl” we “Jeýms Webb” teleskoplaryndan alnan maglumatlary birleşdirip, Saturnyň iň detally şekilini aldylar diýip, Space.com neşiri ýazýar....