ÇL-iň "Leýpsig" - "Liwerpul" oýny koronawirus sebäpli başga ýerde geçirilip bilner

  • 03.02.2021 15:32
  • 3.9k+

Çempionlar ligasynyň 16-njy tapgyrynyň "Leýpsig" bilen "Liwerpulyň" arasyndaky duşuşygy Germaniýadan başga ýerde geçirilip bilner. Bu barada matchtv.ru habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Germaniýada koronawirus çäklendirmeleri 17-nji fewrala çenli dowam edýär, şonuň üçin hem toparlaryň arasyndaky duşuşygyň başga bir ýerde geçirilmegi mümkin. Bu ýagdaýda çäklendirmeler diňe Angliýa girmäge degişli bolup durýar. Germaniýanyň Içeri işler ministrligi türgenleriň bu ýurda gelmek üçin ýörite rugsatlarynyň ýokdugyny aýtdy.
Şeýlelikde, Çempionlar ligasynyň 16-njy fewralda meýilleşdirilýän "Leýpsig" bilen "Liwerpulyň" arasyndaky ilkinji oýny Angliýada ýa-da Germaniýadan daşardaky bitarap meýdançada geçirilip bilner. Häzirki hereket edýän düzgünler bilen baglylykda, Germaniýanyň ýaşaýjylary ýeňilleşdirilen şertlerde ýurda dolanyp bilerler.
Germaniýada koronawirus çäklendirmeleri giňeldilen halatynda Çempionlar ligasynyň 24-nji fewralda geçiriljek Mönhengladbahyň "Borussiýasy" bilen "Mançester Sitiniň" arasyndaky 1/8 final oýny hem yza süýşürilip bilner.
Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýunlarynyň 16-njy fewralda geçiriljekdigini ýatladýarys.

şu gün 10:04
986

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......