Samsung arzan bahaly smartfonlarynyň tutuş tapgyryny çykarmaga taýynlanýar

  • 03.02.2021 13:44
  • 13k+

Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasy täze smartfonlaryň tapgyryny çykarmagy meýilleşdirýär. Täze önümleriň sanawy eýýäm kompaniýanyň resmi web sahypasynda peýda boldy. Bu barada inforeactor.ru habar berdi.

Golaýda tehnologiýa blogerleri Samsung kompaniýasynyň web sahypasynda birnäçe täze ykjam enjamyň üstünden bardylar. Bu täzelikler baradaky maglumatlar dürli sebitlerdäki korporatiw web sahypasynyň goldaw bölümlerinde çap edildi.
Olarda býujet segmentiniň “Galaxy” seriýasynyň indiki modelleri barada maglumatlar bar. Hödürlenen önümleriň arasynda F indeksli Galaxy 12 we 62 modifikasiýalary, täze nesil mobil aragatnaşyk torlaryny goldaýan A52 we 4G-ni goldaýan A72, şeýle hem M02 bar.
Ozal Galaxy A72 smartfony eýýämden korporasiýanyň geljekde iň köp satyljak enjamy diýlip atlandyrylypdy. Onda bir kristally “Snapdragon 720G” prosessorynyň bardygy aýdylýar.

düýn 20:32
933

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 20:26
469

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

düýn 15:47
981

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

düýn 07:31
2.3k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....