Lionel Messi “Barselonanyň” ýolbaşçylygyny kazyýete bermek isleýär

  • 01.02.2021 16:07
  • 14k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messiniň aklawçylary futbolçynyň şertnamasy barada Internetde ýaýradylan maglumatlar sebäpli birnäçe adamy kazyýete bermekçi bolýar diýip, championat.com habar berýär.

“Marca” ispan gazetiniň habar bermegine görä, Messiniň tarapy şertnama barada doly maglumata eýe bolan üç adamy kazyýete bermek isleýär. Bu adamlar oýunçy bilen şertnama baglaşmaga jogap beren “Barselonanyň” eks-prezidenti Hosep Mariýa Bartomeu we ýerine ýetiriji müdir Oskar Grau, şeýle-de resminamadan habarly bolan klubuň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Karles Tuskets bolar.
Ýatlap geçsek, Ispaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Messiniň şertnamanyň dört ýylynda 555 mln ýewro aljakdygy baradaky maglumaty mälim etdiler. Möwsüm üçin 138 mln ýewro, goşmaça bonuslar hem bar. 115 mln ýewrodan gowrak pul şertnamany baglaşandygy üçin tölendi. Tas 78 mln ýewro – wepalylygy üçin bonus.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......