Ýewropanyň Superligasyna gatnaşyjylar belli boldy

  • 31.01.2021 12:16
  • 8.7k+

Ýewropanyň klublary 2022-2023 möwsüminden başlap, ilkinji Superliga ýaryşyny geçirmegi meýilleşdirýärler. Onda çykyş etjek 20 gatnaşyjynyň 15-si hemişelik bolar diýip, sport.ru habar berýär.

Super liganyň 15 sany hemişelik gatnaşyjylary belli boldy.
Italiýadan: "Inter", "Milan" we "Ýuwentus";
Angliýadan: "Arsenal", "Çelsi", "Liwerpul", "Tottenhem", "Mançester Ýunaýted" we "Mançester Siti";
Ispaniýadan: "Barselona", "Atletiko" we "Real";
Germaniýadan: "Bawariýa" we Dortmundyň "Borussiýasy";
Fransiýadan: "Pari Sen-Žermen".
20 toparyň 10 topardan ybarat 2 topara bölünmegine garaşylýar. Her topardan ilkinji 4 topar pleý-offa çykar.
Hemişelik agzalaryň her birine ýyllyk 350 million ýewro girdeji kepillendirilýär.
Häzirki wagtda FIFA we UEFA Superligany hatda meýilleşdiriş tapgyrynda-da ykrar etmedi. Bu ýaryşa gatnaşjak klublar we oýunçylar Dünýä we Ýewropa çempionatlaryna gatnaşmaga rugsat bermezlik ýaly meseleler we şol sanda sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......