Türkmenistanda epidemiologik çäklendirmeleriň möhleti mart aýyna çenli uzaldyldy

  • 31.01.2021 10:30
  • 39k+

Sebitdäki we dünýädäki çylşyrymly epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, raýatlaryň saglygyny goramak maksady bilen Türkmenistanda söwda we jemgyýetçilik kärhanalarynyň, medeniýet we hyzmat desgalarynyň işine, şeýle hem gatnawlara girizilen çäklendirmeler 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli uzaldyldy. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.

Bellenilen senä çenli ýurtda söwda (azyk we gündelik zerurlykdaky harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan dükanlardan başgalary) we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň (toý mekanlarynyň, restoranlarynyň, kafeleriň we naharhanalaryň) işi çäklendirilýär.
Şeýle hem kinoteatrlaryň, teatrlaryň, oýun attraksion seýilgähleriniň, muzeýleriň, gözellik salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (suwda ýüzülýän howuzlaryň, fitnes we aerobika klublarynyň) işi çäklendirilýär. Çäklendirmeler şeýle hem eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, gysga möhletli tölegli okuwlaryň we oýun merkezleriniň ähli görnüşlerine degişlidir.
Şol bir wagtda, hereket edýän arassaçylyk-öňüni alyş kadalaryny berk berjaý etmek, şeýle hem 09:00-dan 20:00-a çenli iş tertibini saklamak şerti bilen dellekhanalaryň we tikinçilik atelýeleriniň işine rugsat bermekligiň möhleti 1-nji marta çenli uzaldylýar.
Bulardan başga-da, sport ýaryşlarynyň ählisini, şol sanda uniwersiadalary we spartakiadalary geçirmeklige, metjitlere we beýleki mukaddes ýerlere zyýarat etmeklige gadaganlygyň möhleti hem bellenilen senä çenli uzaldyldy.
Ýazyň ilkinji gününe çenli ýolagçy demir ýol gatnawlaryna, şäherara awtobus gatnawlaryna çäklendirmeler hem uzaldyldy.

şu gün 21:24
1.1k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

şu gün 20:03
1.1k+

Müsürde Tutanhamonyň aramgähiniň gips diwary ilkinji gezek köpçülige görkezildi

Faraon Tutanhamonyň jaýlanan otagynyň gips diwary ilkinji gezek Luksor muzeýinde giň köpçülige görkezildi diýip, «The Independent» neşiri habar berýär....

şu gün 18:14
1.3k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....

şu gün 18:08
1.3k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......