«Ýuwentus» 43 ýaşly Buffon bilen şertnamasynyň möhletini uzaltmak isleýär

  • 30.01.2021 08:15
  • 6.5k+

Turiniň “Ýuwentus” klubunyň müdiri Fabio Paratiçi toparyň Buffon bilen şertnamany uzaldyp biljekdigini belledi. Şol bir wagtyň özünde klubuň baş tälimçisi Andrea Pirlo italiýaly derwezebanyň indiki möwsümde hem toparda galjakdygyna umyt bildirdi. Bu barada csn-tv.ru habar berdi.

"Jiji ajaýyp futbolçy we häzir ol öz öýünde. Bu meselede onuň bilen pursaty gelende arkaýynçylykda duşuşarys, gürrüňi ýok" - diýip, Fabio Paratiçi belleýär.

Pirlonyň pikiriçe, Buffon häzir fiziki taýdan gowy we henizem futbol oýnap biljekdigini subut edýär. Geçiren duşuşyklarynyň sany boýunça Buffonyň Italiýanyň çempionatynda birinji orundadygyny ýatladýarys. Onuň hasabynda A Seriada 65 oýun bar. Buffon çempionatda ilkinji gezek 1995-nji ýylda çykyş etdi.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......