Lionel Messi Ispaniýanyň Kubogynda klubuň rekordyny täzeledi

  • 29.01.2021 22:31
  • 10k+

"Barselonanyň" hüjümçisi we kapitany Lionel Messi Ispaniýanyň Kubogynyň 1/8 finalynda "Raýo Walýekano" bilen bolan duşuşykda esasy düzümde meýdança çykyp, klubuň rekordyny täzeledi. Bu barada championat.com habar berdi.

Gök-narynçlaryň metbugat gullugynyň twitterdäki habaryna görä, bu duşuşyk argentinaly hüjümçiniň ýurduň kubogyndaky 76-njy oýny boldy. Şeýlelikde, Messi "Barselonanyň" ozalky hüjümçisi Hosep Samitýeriň kubokdaky 75 oýunlyk rekordyny täzelemegi başardy. Ispaniýanyň kubogynda gök-narynçlaryň düzüminde geçiren duşuşyklarynyň sany boýunça öňki ýarymgoragçy Andres Iniesta (73), öňki hüjümçi Wisent Pýer (71) we öňki ýarymgoragçy Xavi (70) ilkinjileriň hatarynda ýerleşýär.
Messiniň katalon kluby bilen häzirki şertnamasy 2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar. Argentinaly hüjümçi tomusky dynç alyş möwsüminde katalon klubundan gitmek isleýändigini aýtdy. Ýöne taraplar şertnamanyň ýatyrylmagy barada ylalaşyp bilmediler. Häzirki wagtda "Mançester Siti" we "Pari Sen-Žermen" oýunçy üçin esasy dalaşgärler hasaplanýar.

düýn 16:03
2.1k+

EA täze UFC simulýatoryny yglan etdi — oýun 19-njy iýunda çykar

Electronic Arts kompaniýasy garyşyk söweş sungaty boýunça täze EA Sports UFC 6 simulýatoryny resmi taýdan yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda PlayStation 5 we Xbox Series pristawkalarynda çykar,......

düýn 10:10
4.8k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 14:40
1.5k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

29.04.2026 09:59
6.3k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......