"PSŽ" Ramosa ýylda 15 million ýewro tölemäge taýýar

  • 29.01.2021 14:22
  • 8k+

Fransiýanyň "Pari Sen-Žermen" futbol klubunyň ýolbaşçylary ispaniýaly goragçy Serhio Ramosa üç ýyllyk şertnama teklip etdi diýip, Onda Sputnik agentligi habar berýär.

Madridiň "Real"-ynda çykyş edýän 34 ýaşly ispaniýaly goragçynyň klub bilen bilen häzirki şertnamasy şu ýylyň tomsunda tamamlanýar. Ondan öň taraplaryň şertnamany uzaltmak barada hiç hili ylalaşyga gelip bilmejekdigi habar berlipdi. Ramos hatda "Real"-yň prezident Florentino Peresiň onuň topardan gitmegini isleýändigini aýtdy.
Çeşmäniň habar bermegine görä, parižliler futbolça ýylda 15 million ýewro göz öňünde tutulan üç ýyllyk şertnama teklip edipdir. “Real”-yň hem oýunçy üçin teklip hödürländigi, emma onuň şertleriniň "Pari Sen-Žermen" tarapdan edilen teklipden has pesdigi bellenildi.
Goragçy häzirki möwsümde "Real"-yň düzüminde 14 oýunda meýdança çykyp, 2 pökgini öz adyna ýazdyrmagy başardy.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......