«Barselona» diňe «El Klasikoda» çykyş etjek ýörite sport eşigini tanyşdyrdy

  • 28.01.2021 22:26
  • 7.9k+

Ispaniýanyň “Barselonasynyň” öňki kapitany Karles Puýol toparyň bäşinji eşik toplumyny tanyşdyrdy. Täze formada Kataloniýanyň baýdagynyň reňkleri bar. Bu barada toparyň resmi Twitterine salgylanyp, sportrbc.ru ýetirýär.

“Bu reňkler bizi birleşdirýän gymmatlyklary we biziň kimdigimizi görkezýän ähli zatlary aňladýar” – diýlip, klubuň beýanynda aýdylýar.

Özboluşly forma toplumy “El Klasiko” diýlip atlandyrylýan Madridiň “Realy” bilen boljak duşuşyk üçin döredildi. Futbol lybasynda “Barselona” klubynyň adaty gök we gyrmyzy reňkleri, şeýle-de Kataloniýanyň baýdagynyň gyzyl-sary reňkleri öz beýanyny tapýar.
Ýatlatsak, ýakyndaky “El Klasiko” 2021-nji ýylyň 11-nji aprelinde “Santýago Bernabeu” stadionynda geçiriler.

düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......