Florida Tokio derek Olimpiýa oýunlaryny kabul etmegi teklip etdi

  • 27.01.2021 21:14
  • 3.7k+

Amerikanyň Florida ştatynyň maliýe edarasynyň ýolbaşçysy Jimmi Patronis 2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryny ştatda geçirmegi teklip edip, Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) ýolbaşçysy Tomas Baha hat iberdi. Bu barada sport-express.ru habar berýär.

Patronis Floridanyň Oýunlary geçirmek üçin ähli zerur şertlere eýedigini belledi. Şol bir wagtyň özünde epidemiologik ýagdaý ýeterlik derejede gowy we pandemiýa döwründe ştatda sport çärelerini geçirmäge rugsat berildi.
Ýatlap geçsek, soňky wagtlarda Ýaponiýanyň pandemiýa sebäpli 2020-nji ýyldan 2021-nji ýyla süýşürilen Olimpiýa oýunlaryny geçirmekden ýüz öwürmegi barada maglumatlar peýda boldy. 
Emma Ýaponiýanyň häkimiýeti Oýunlara taýýarlygy dowam etdirýändigini we Olimpiýa oýunlaryny ýatyrmak barada hiç hili kararyň kabul edilmändigini aýtdylar. Ýaponiýa ýaryşlary çäkli tomaşaçynyň gatnaşmagynda ýa-da asla tomaşaçysyz geçirmegi göz öňünde tutýar.
Ýeri gelende bellesek, Kyodo agentliginiň ýakynda geçiren telefon arkaly pikir soraşmasyna görä, Ýaponiýanyň ilatynyň 80 göterimi 2021-nji ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň ýatyrylmagyny ýa-da yza süýşürilmegini isleýär.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......