Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ähli türgenlere sanjym ediler

  • 25.01.2021 11:09
  • 4.5k+

Halkara Olimpiýa Komiteti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ähli türgenlere sanjym etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Telegraph-a salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Telegraph-yň belleýşi ýaly, bu babatda Halkara Olimpiýa Komitetiniň esasy maksady ýaşaýan ýurtlarynda heniz milli sanjym maksatnamalary başlamadyk türgenler üçin sanjym almak prosesini çaltlaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BSGG-niň COVAX maksatnamasynyň wekilleri bilen ösýän ýurtlary sanjym bilen üpjün etmek boýunça maslahatlaryň geçirilendigi habar berildi.
Gazetiň habaryna görä, käbir çeşmeler Halkara Olimpiýa Komiteti bilen BSGG-niň türgenlere sanjym etmek baradaky ylalaşygynyň käbir jedelleriň döremegine sebäp boljakdygyny aýdýar.
Angliýanyň Olimpiýa birleşiginiň direktory Endi Enson "kiçi" ýurtlar üçin sanjym kömeginiň täze meýilnamasynyň Halkara Olimpiýa Komiteti üçin "çynlakaý meseledigini" aýtdy. Ol Halkara Olimpiýa Komitetiniň COVAX bilen "ýakyndan işleşendigini" tassyklady.
Anna güni “Taýms” gazetinde çap edilen Olimpiýa oýunlaryny ýatyrmak kararynyň ýapon häkimiýetleri tarapyndan ýuwaşlyk bilen kabul edilendigi we indi olaryň Tomusky Olimpiýa oýunlaryny Tokioda 2032-nji ýylda geçirmekçi bolýandygy baradaky makala köpçülikleýin nägilelik döretdi. Soňra bu maglumatlar Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan inkär edildi. Hususan-da, Tokiodaky Olimpiýa oýunlary ministri Seiko Haşimoto Ýaponiýanyň hökümetiniň, guramaçylyk komitetiniň we Tokionyň ýolbaşçylarynyň oýunlara taýýarlyk görmegini dowam etdirýändigini aýtdy.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......