Sanly zibil näme we ondan näme üçin dynmaly?

  • 26.01.2021 17:34
  • 11k+

Häzir dünýä ilatynyň 60%-den gowragy Internetden peýdalanýar, şol 4,5 milliard adamyň ählisi yzygiderli ýagdaýda täze kontent döredýär. Suratlar, wideolar, resminamalar we hatda sosial ulgamlardaky dostlaryňyz bilen hat alyşmalar sanly giňişlikde az ýer tutmaýar.

Ortaça her sekuntda adam 1,7 MB maglumat öndürýär, bu bolsa tutuş internet giňişliginde 7600 TB-den gowrak maglumat diýmekdir. Bu agram bolsa maglumat-merkezlerine düşýär. Olar häzirlikçe maglumatlaryň şular ýaly akymyna döz gelip bilýärler.
Emma hi-tech.mail.ru-nyň hünärmenleriniň pikiriçe, döredilen maglumatlaryň köpüsi “sanly zibillerden” başga hiç zat däldir. Internetiň gerekmejek hapalardan dolmagynyň adaty ulanyjylar üçin oňyn we oňyn däl tarapy bar. Esasy kemçilik, zerur maglumatyň gözlegine köp wagt gerek bolýar, sebäbi şol bir maglumatlar, çeşmesini görkezmezden, “reraýtlar” ýa-da “kopipastlar” görnüşinde onlarça saýtlarda köpelýärler. 
Oňyn tarapy, maglumatlar bazasynyň köpelmegi bilen grafiki elementleriň, esasanam, suratlaryň gözlegi aňsatlaşýar. «url-salgy» boýunça suratlaryň gözlegi we köp sanly meňzeş suratlaryň çykmagy sanly zibiliň hyzmatydyr.
Internetdäki zibil diňe bir sanly giňişlige däl, eýsem, fiziki giňişlige-de ýaramaz täsir edýär. Ýakynda Bristol uniwersitetiniň elektron hyzmatlary pudagynda geçiren barlagy diňe YouTube-a wideony ýüklemegiň CO2 zyňyndylaryny ýylda 300 müň tonna çenli ýokarlandyrýandygyny görkezýär. Takmynan, şular ýaly uglerod yzlary Beýik Britaniýada 30 müň öý tarapyndan öndürilýär.

Eýsem, sanly zibiliň göwrümini nädip azaldyp bolar?
- gerekmejek faýllary haýal etmän bozmaly. Mysal üçin, spam, ownuk haryt çekleri, şowsuz suratlar ýa-da wideolar;
- sosial torlarda köne, ähmiýetsiz gepleşikleri yzygiderli aýyrmaly, gerekmejek faýllary, programmalary aýyrmaly we elektron poçta sebedini wagtynda arassalap durmaly;
- sanly giňişlikde tertiplilik: faýllaryň gurluşy we kataloglaşdyrylmagy. 
- özüň üçin Internetden we sosial torlardan erkinlikde dynç alynýan günleri döretmeli.

düýn 20:43
1.6k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

düýn 20:16
1.5k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

düýn 16:07
4.2k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

düýn 14:40
1.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....