Makgregor UFC 257 turnirinde Porýeden ýeňildi

  • 24.01.2021 12:23
  • 24k+

Garyşyk başa-baş göreşiň (MMA) amerikaly söweşijisi Dastin Porýe UFC 257 turniriniň çäginde irlandiýaly Konor Makgregordan üstün çykdy.

Ýeňil agramdaky türgenleriň söweşi Abu-Dabiniň “Söweş adasyndaky” sport şüweleňiniň esasy wakasy boldy. Emin Porýeniň tehniki nokaut bilen ýeňşini hasaba alyp, ikinji raundda söweşi saklady.
32 ýaşly amerikaly söweşijiniň hasabynda indi 27 ýeňşi, alty ýeňlişi we bir netijesiz söweşi bar. 32 ýaşly Makgregoryň hasabynda 22 ýeňiş bilen bäş ýeňliş bar.
Makgregor bilen Porýeniň söweşi rewanşdy. 2014-nji ýylyň sentýabrynda olar Las-Wegasda UFC 178 turnirinde duşuşdylar. Şonda Makgregor garşydaşyny başlangyç raundyň ikinji minudynda nokauta gidirdi.
UFC 257 turniriniň esasy wakalarynyň ýene biri täze zelandiýaly Den Huker bilen amerikaly Maýkl Çendleriň söweşi boldy. ABŞ-nyň wekili garşydaşyny söweşiň üçünji minudynda nokauta gidirdi.

şu gün 10:04
986

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......