Nurmagomedow Makgregor-Porýe söweşi barada pikirini aýtdy

  • 23.01.2021 18:12
  • 30k+

Ýeňil agramda UFC-niň russiýaly çempiony Habib Nurmagomedow Konor Makgregor bilen Dastin Porýeniň arasyndaky jogap söweşi barada öz pikirini aýtdy. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

UFC-niň resmi YouTube ýaýlymynda Habib Porýeniň ýeňiş gazanmak üçin birnäçe raund saklanmaly boljakdygyny belledi.

“Ilkibaşda Konor has işjeň hereket eder. Ýöne üçünji-dördünji raundda, meniň pikirimçe, Dastin bu ýigidi ýeňip biler” – diýip, Nurmagomedow öz pikiri bilen paýlaşdy.

Ýatlap geçsek, söweşijiler 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda söweşdiler, şonda irlandiýaly söweşiji tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy. Konor Makgregor bilen Dastin Porýeniň arasyndaky rewanş söweşini “Ren TW” teleýaýlymy görkezer. Söweş 24-nji ýanwarda Aşgabat wagty bilen 08:40-da başlanar.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......