ABŞ-nyň ýaşaýjysynyň lotereý bijesinden 1 mlrd dollar çykdy

  • 24.01.2021 09:12
  • 22k+

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň ýaşaýjysy Mega Millions lotereýasyna gatnaşyp, 1 mlrd dollar utdy, diýip TASS habar berýär.

«$1 mlrd (739,6 mln dollar nagt görnüşde) nominal jekpot Miçigandaky petegiň bagtly eýesine nesip etdi» - diýlip, lotereýanyň resmi saýtynda aýdylýar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu utuş lotereýanyň taryhynda ululygy boýunça ikinji ýerde durýar. Çünki 2018-nji ýylda Günorta Karolina ştatynda 1,5 mlrd dollarlyk utuşly petek satylypdy. Emma Associated Press agentliginiň habar bermegine görä, Miçiganyň ýaşaýjysynyň utuşy ABŞ-nyň taryhynda ululygy boýunça üçünji ýerde durýar.
Mundan başga-da, Associated Press-iň habar bermegine görä, Merilend ştatynda Powerball lotereýasyndan petek satyn alan adam jekpot gazandy. Ol 731 mln dollara eýe bolup biler. Bu tölegiň eýesine gowuşmagy üçin iki şert bar: ýa-ha 731,1 mln dollar 29 ýylyň dowamynda 30 töleg geçirimi arkaly geçiriler, ýa-da 546,8 mln dollar möçberinde birbada töleg ediler.

şu gün 15:05
3.1k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

şu gün 12:24
670

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
966

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

şu gün 08:03
8.8k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....