UEFA 2020-nji ýylyň simwolik ýygyndysyny düzdi

  • 21.01.2021 20:00
  • 14k+

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) 2020-nji ýylyň jemleri boýunça düzülen simwoliki ýygynda goşulan oýunçylary mälim etdi. Bu barada profile.ru habar berdi.

Sanawa goşulan türgenleriň köpüsi Germaniýanyň "Bawariýa" klubuna wekilçilik edýär. Doly sanaw guramanyň web sahypasynda çap edildi.
Şeýlelik bilen, "Bawariýadan" ýylyň ýygyndysyna goragçylar Ýozua Kimmih, Alfonso Dewis, ýarymgoragçy Tiago Alkantara (geçen güýzde "Liwerpul"-a geçdi), derwezeban Manuel Noýer we hüjümçi Robert Lewandowski goşuldy.
Sanawda "Liwerpul"-dan goragçy Wirjil wan Deýk we "Real"-dan Serhio Ramos bar. "Barselona"-ly Lionel Messi we "Mançester Siti"-den Kewin de Bruýn sanawa ýarymgoragçy hökmünde goşuldy. Hüjümçileriň pozisiýasynda "Ýuwentus"-dan Kriştianu Ronaldu bilen "PSŽ"-den Neýmar ýerleşdi.

şu gün 10:04
986

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......