Futbolyň taryhynda ilkinji gezek kripto walýuta bilen transfer amala aşyryldy

  • 21.01.2021 18:58
  • 8.3k+

Ispaniýanyň üçünji ligasynyň madridli kluby “Internasional” "Real"-yň öňki hüjümçisi Dawid Barraly satyn aldy. Bu transfer ilkinji gezek kripto walýuta bilen amala aşyrylandygy sebäpli futbolyň taryhyna girer. Bu barada klubuň Twitter sahypasyna salgylanyp, iz.ru habar berdi.

REN teleýaýlymynyň bellemegine görä, 37 ýaşly hüjümçi 2021-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. Transferiň bahasy häzirlikçe mälim edilmedi.
Barral - "Real"-yň ýetişdiren oýunçysy. Muňa garamazdan, ol "Real"-yň düzüminde hiç wagt oýnamady. Türgen ozal "Fuenlabrada", "Lewante", "Granada" we "Kadis" ýaly onlarça toparda çykyş etdi.
Şeýle-de bolsa, çeşme munuň bitkoinler arkaly amala aşyrylan ilkinji transfer däldigini belleýär. Ol "Sport-Express" gazetine salgylanyp, 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda türk höwesjeň kluby "Harunustaspor"-yň kripto walýuta bilen oýunçy satyn alandygyny ýazýar. Şonda Ömer Faruk Kyroglu 0.0524 bitkoin we 2,5 müň türk lirasy bilen satyn alnypdyr.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......