Jo Baýden Trampyň gol çeken Permanlaryny ýatyryp başlady

  • 21.01.2021 19:12
  • 21k+

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden prezidentlik wezipesine girişeninden birnäçe sagat soň, Donald Trampyň öň kabul eden Permanlaryny ýatyrýan birnäçe resminamalara gol çekdi, diýip Reýter agentligi habar berýär.

Jo Baýdeniň ilkinji gol çeken resminamalaryna laýyklykda, şu aşakdaky üýtgeşmeler bolup geçdi:

  • ABŞ Howanyň üýtgemegi boýunça 2015-nji ýyldaky Pariž ylalaşygyna dolanyp gelýär. Munuň özi uglerod zyňyndylarynyň daşky gurşawa zyňylmagynyň azaldylmagyny aňladýar. Ylalaşyga goşulmak hakynda resminama BMG gowşurylar, ol 30 günden soň güýje girer;
  • ABŞ Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) düzüminden çykmak hadysasyny ýatyrar. 2020-nji ýylyň tomsunda Waşington BSGG-e onuň düzüminden çykmak boýunça işlere başlaýandygyny habar beripdi. Tramp COVID-19 pandemiýasynyň başynda ýol berlen ýalňyşlyklar üçin BSGG-ni ençeme gezek tankytlapdy;
  • Birnäçe musulman we afrikan döwletleriniň raýatlarynyň ýurduň çägine gelmeklerine gadaganlyk ýatyrylýar;
  • Meksika bilen serhetde diwaryň gurluşygy ýatyrylýar;
  • Kanadadan ABŞ-a geçýän Keystone XL turbageçirijisiniň gurluşygyna rugsatnama yzyna alynýar. Bu gurluşygyň garşysyna ekologlar işjeň garşylyk görkezýärdiler. Bu gurluşyk Barak Obamanyň Prezident wagtynda togtadylypdy, emma 2017-nji ýylda Tramp ony dowam etmäge rugsat berdi.

Mundan başga-da, Baýden federal desgalaryň ählisinde hökmany suratda agyz-burun örtüklerini dakmak hem-de sosial araçägi saklamak hakynda Permana gol çekdi.
Ol Prezidentlik möhletini dalaşgär wagtynda amerikan halkyna beren wadalaryny berjaý etmekden başlamak isleýändigini žurnalistlere habar berdi.

düýn 20:17
3.9k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......