“Ýuwentus” “Napolini” ýeňip, Italiýanyň Superkubogyny gazandy

  • 21.01.2021 16:34
  • 5.1k+

Italiýanyň Superkubogyny almak ugrunda final duşuşygynda Turiniň “Ýuwentusy” “Napolini” ýeňdi.

Rejo-di-Emiliýanyň “Mapei” stadionynda geçen oýun “Ýuwentusyň” 2-0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. Birinji pökgini 64-nji minutda hüjümçi Kriştianu Ronaldu girizdi. Bu gol Ronaldu üçin professional karýerasynda 760-njy bolup, awstriýaly futbolçy Ýozef Bisandan (759) öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelik bilen, portugaliýaly futbolçy professional futbolyň taryhynda iň gowy bombardir boldy. 
80-nji minutda “Napoliniň” oýunçysy Lorenso Insinýe jerime urgusyndan gol girizip bilmedi. Duşuşygyň soňky sekuntlarynda Alwaro Morato ikinji goly geçirdi.
“Ýuwentus” dokuzynjy gezek Italiýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. “Napoliniň” hasabynda iki ýeňiş bar.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......