“Wikipediýa” internet-ensiklopediýasyna 20 ýyl doldy

  • 19.01.2021 09:17
  • 5.2k+

2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Wikipediýa 20 ýyl boldy. Mugt internet ensiklopediýasy 2001-nji ýylda esaslandyryldy.

“Wikipediýa dünýädäki her bir adam üçin meýletinçiler tarapyndan ýazylan mugt ensiklopediýany döretmek baradaky pikir hökmünde ýüze çykdy. Bu başlangyç, göräýmäge, mümkin däl ýalydy. Emma 20 ýylyň içinde Wikipediýa taryhda iň uly açyk bilimleriň ýygyndysyna öwrüldi. Bu nähili bolup geçdi? Elbetde, Siz ýaly adamlaryň ýardam bermegi bilen” – diýlip, ensiklopediýanyň infrastrukturasyny goldaýan “Wikimedia Gaznasynyň” sahypasynda aýdylýar.

Jimmi Ueýls bilen Larri Senger tarapyndan 2001-nji ýylyň ýanwar aýynda işe girizilen Wikipediýa bu günki gün Internetde iň uly we iň meşhur salgylanma hasaplanylýar.
Taryhda açyk bilimleriň iň uly ýygyndysy tutuş dünýä boýunça 280 müňden gowrak hünärmen tarapyndan her aýda redaktirlenýär. Şu güne çenli ensiklopediýa üçin iňlis dilinde 6,2 milliondan gowrak, rus dilinde 1,6 milliondan gowrak makala ýazyldy.
Wikipediýada 316 dil wersiýasy we köp sanly ýöriteleşdirilen taslama bar. Hususan-da, ensiklopediýa türkmen dilinde elýeterli. Dogry, onuň üstündäki işler beýleki dillerdäki ýaly işjeň däl, jemi 5 874 makala ýazyldy, ýöne köp zat ulanyjylaryň işjeňligine bagly. Sebäbi Wikipediýanyň esasy aýratynlygy islendik Internet ulanyjysynyň makalalary döredip we redaktirläp bilýändigindedir.
Wikipediýa, köplenç, sahypalaryna ýalan ýa-da tassyklanmadyk maglumatlary we wandalizm goşup bilýändigi bilen tankyt edilýär. Ýöne ylmy barlaglar Wikipediýada wandalizmiň adatça derrew ýok edilýändigini görkezýär.
Belläp geçsek, Wikipediýany dörediji – telekeçi Jimmi Ueýls internet ensiklopediýasynda mahabat bermekden ýüz öwürdi, bu bolsa onlaýn ensiklopediýanyň ähmiýetliligini we meşhurlygyny üpjün etdi.

düýn 23:32
1.4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.6k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.3k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.6k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....