Messi 12 oýna çenli çetleşdirilip bilner

  • 18.01.2021 22:54
  • 14k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň Superkubogy üçin final duşuşygynda meýdançadan çykarylandan soň 12 oýna çenli möhlet bilen diskwalifikasiýa edilip bilner. Bu barada As neşirine salgylanmak bilen gazeta.ru habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, eger-de Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň ýaryşlar boýunça komiteti hüjümçiniň hereketini bilgeşleýin edilen diýip kabul etse, Messi 12 oýundan çetleşdiriler.
Garşylyklaýyn ýagdaýda, Messi göni gyzyl duýduryş üçin bir oýundan awtomatiki diskwalifikasiýany hasap etmezden, birden üç oýna çenli çetleşdirilip bilner. 
Ýatlap geçsek, Lionel Messi Ispaniýanyň Superkubogy üçin final duşuşygynyň 121-nji minudynda “Atletigiň” hüjümçisi Asýer Wilýalibreniň kellesinden urup, gyzyl duýduryş alanyndan soň meýdançadan çykaryldy. 
“Barselona” “Atletikden” 2-3 hasabynda ýeňildi. Bilbaoly topar 90-njy minutda hasaby deňledi, ýeňiş pökgüsini goşmaça wagtyň başynda tora girizdi.

şu gün 10:04
986

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.7k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......