«Inter» «Ýuwentusdan» üstün çykyp, A Seriýada «Milanyň» yzyndan ýetdi

  • 18.01.2021 19:33
  • 5.8k+

Italiýanyň çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň merkezi duşuşygynda Milanyň «Interi» öz meýdançasynda Turiniň «Ýuwentusyny» ýeňmegi başardy. Antonio Konteniň şägirtleri duşuşykda 2:0 hasabynda üstün çykdylar.

Gollary öz adyna Arturo Widal we Nikola Barrela ýazdyrdy.
«Inter» soňky üç tapgyr duşuşykda birinji gezek ýeňiş gazandy. Klub A Seriýanyň jedwelinde ikinji orna çykyp, diňe goşmaça görkezijileri boýunça «Milandan» yzda barýar. «Ýuwentus» bolsa, bassyr üç oýun bäri dowam edýän ýeňişli seriýasyny tamamlady. Turinliler bäşinji orna düşdüler.
Belläp geçsek, «Milan» şu gün myhmançylykda «Kalýari» bilen duşuşar.

düýn 23:01
3.4k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

düýn 15:38
3.5k+

«Liwerpul» 1989/90 çempionlyk möwsüminiň dizaýnynda täze eşigini görkezdi

«Liwerpul» futbol kluby Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan 2026/27 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürledi....

düýn 07:33
5.5k+

«Arsenal» soňky 22 ýylda ilkinji gezek Angliýanyň çempiony boldy

Londonyň «Arsenal» kluby Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 37-nji tapgyrynyň çäginde «Bornmut» bilen «Mançester Siti» toparlary deňme-deň oýnandan soň, möhletinden ir Angliýanyň çempiony diýen tituly gazandy....

19.05.2026 23:41
7.5k+

Konor resmi taýdan UFC-ä dolanýar: Makgregor UFC 329-da Maks Holloweýa garşy oktagona çykar

UFC promouşeniniň ýolbaşçysy Dana Waýt Konor Makgregoryň oktagona dolanýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Irlandiýaly söweşiji 11-nji iýulda "T-Mobile Arena" meýdançasynda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda......