«Barselona» Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Atletikden» ýeňildi, Messi oýundan çykaryldy

  • 18.01.2021 18:29
  • 11k+

Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Barselona» bilbaoly «Atletikden» ýeňildi. Katalonlylar duşuşygyň goşmaça wagtynda 2:3 hasabynda asgyn geldiler.

«Barselonanyň» düzüminde Antuan Grizmann dubl etmegi başardy. «Atletikden» bolsa Oskar De Markos, Asýer Wilýalibre we Inýaki Uilýams tapawutlandylar.
Katalon toparynyň ýyldyz oýunçysy Lionel Messi duşuşygyň 120-nji minudynda garşydaş topardan Wilýalibreniň kellesine uranyndan soň gyzyl duýduryş alyp oýundan çykaryldy.
«Atletik» taryhynda üçünji gezek ýurduň Superkubogyny gazanmagy başardy.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......