ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2021-2022-nji ýyllarda nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny paýlaşdy

  • 17.01.2021 23:02
  • 7.6k+

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2021-nji ýyl üçin «Brent» nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreline 49 dollardan 53 dollara çenli ýokarlandyrdy diýip, ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika maglumatlary edarasynyň (EIA) aýlyk hasabatyna salgylanyp, Interfaks habar berýär.

2022-nji ýylda «Brent-iň» bahasynyň şol bir derejede, ýagny barreline 53 dollar bolmagyna garaşylýar. EIA-nyň hasaplamalaryna görä, 2020-nji ýylda «Brent-iň» ortaça bahasy barreline 42 dollar boldy.

“Saud Arabystany tarapyndan nebit önümçiliginiň birtaraplaýyn azaldylmagy dünýäniň nebit bazaryndaky deňagramlylygyň 2021-nji ýylyň başynda EIA-nyň garaşýanyndan has kynlaşjakdygyny aňladýar. EIA 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde global nebit gorlarynyň bir günde 2,3 mln barrel azaljakdygyny çaklaýar we bu «Brent» söwda belgili nebitiň bahasyny bir barrele ortaça 56 dollara çenli ýokarlandyrmaga kömek eder diýip garaşýar” – diýlip, hasabatda aýdylýar.

EIA 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde, dünýädäki nebit önümçiliginiň ýokarlanmagyna we ätiýaçlyklaryň haýal depgin bilen azalmagyna garaşylanda, nebitiň bahasyna basyşyň ortaça peselmegine garaşýar.
«Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda barreline ortaça 51 dollar bolar diýlip çaklanylýar. 2022-nji ýylda 2021-nji ýylyň ikinji ýarymy bilen deňeşdirilende dünýädäki nebit gorlarynyň azalmagynyň tizlenmegi netijesinde ýene-de ýokary bahalar peýda bolar.

“Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi we ýakyn aýlarda dowam edýän COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly köp näbelli faktorlar nebitiň bahasyny EIA-nyň häzirki baha çaklamasyndan ýokarlandyryp ýa-da peseldip biler. Bu baha traýektoriýasy dünýäde nebitiň sarp edilişiniň 2020-nji ýyldakydan 6% ýokarlanandygyny görkezýär, şeýlelikde, 2021-nji ýylda bir günde ortaça 97,8 million barrele ýeter we 2022-nji ýylda ýene 3% ýokarlanar. Ýöne bu hadysa ilatyň sanjym derejesine baglydyr. OPEK+ önümçiliginiň soňky maksatlaýyn azaldylmagynyň dowamlylygy we berjaý edilişi näbelli bolmagynda galýar” – diýip, EIA ýazýar.

EIA WTI nebitiniň bahasynyň 2021-nji ýylda Brent-iň bahasyndan, barreline ortaça 3 dollar, 2022-nji ýylda «Brent-iň» bahasyndan barreline 4 dollar arzan boljakdygyny çaklaýar.

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......