Dünýä ummanlarynyň temperaturasynyň rekord dereje ýokarlanmagy hasaba alyndy

  • 17.01.2021 08:34
  • 17k+

Klimatologiýa boýunça ylmy barlagçylaryň pikiriçe, dünýä ummanlary geçen ýyl rekord derejede ýylylyk energiýasyny özüne siňdirdi. Bu barada meteoprog.ua habar berdi.

Ylmy barlagyň awtorlarynyň biri - Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Atmosfera fizikasy institutynyň professory Lijing Çengiň pikiriçe, dünýä ummanlary ýylylyk zyňyndylarynyň 9%-ini we senagat tarapyndan atmosfera zyňylýan kömürturşy gazynyň üçden bir bölegini özüne siňdirýär. Gözlegiň maglumatlary “Advances in Atmospheric Sciences” žurnalynda çap edildi.
Lijing Çeng ummanyň temperaturasynyň ýokarlanmagynyň global ýylylygyň depgini bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny aýtdy. Häzirki wagtda ummanlaryň temperaturasy we planetadaky umumy ortaça temperatura çalt ýokarlanýar.
Global ýylylygyň tizligini haýalladýan-da bolsa, dünýä ummanlarynyň ýylylyk zyňyndylaryny özüne siňdirmegi suw ekosistemalaryna zyýan ýetirýär.
Ummanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy we atmosferanyň gyzmagy güýçli tupanlaryň, taýfunlaryň, suw joşmalarynyň we ýangynlaryň ýygy-ýygydan ýüze çykmagyna getirip biler.
Barlaglara görä, 1955-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli dünýä ummanlary ýylylyk zyňyndylarynyň we kömürturşy gazynyň siňdirilmegi netijesinde 380 zettajoul energiýa toplady.
Bu dünýä ummanlarynyň derejesiniň ýarym santimetr ýokarlanmagyna sebäp boldy. Şeýle-de bolsa, ýakyn ýyllarda bu görkeziji birden ýokarlanyp biler.

düýn 23:10
7k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.1k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

11.05.2026 11:37
4.7k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
9.1k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......