Alibaba ilkinji elektromobilini hödürledi

  • 15.01.2021 22:31
  • 14k+

Milliarder Jek Manyň Alibaba IT-ägirdi SAIC Motor döwlet awtokonserni we Şanhaý sebit hökümetiniň ýokary tehnologiýalary ösdürmegiň maýa goýum gaznasy bilen bilelikde özüniň ilkinji elektromobilini hödürledi. Nikkei agentliginiň maglumatlaryna görä, bilelikdäki kärhana tarapyndan döredilen awtomobil IM (Intelligence in Motion) söwda belgisi bilen satylar. Bu barada Forbes habar berýär.

Hödürlenilen dört gapyly sedan Contemporary Amperex Technology hytaý kompaniýasyndan simsiz akkumulýator zarýadyny göterer. Alibaba bilen Saic Motor-yň elektrokary üçin prosessorlary Nvidia amerikan kompaniýasy üpjün eder. Alyjylar sedanyň 93 ýa-da 115 kWt/sag akkumulýatorly modelini saýlap bilerler. Bir sagadyň içinde batareýa 10,5 kWt/sag zarýad alar, bu, takmynan, 70-80 km ýol üçin ýeterlikdir. Elektromobil bir zarýadyň netijesinde 1000 km çenli uzaklygy geçip bilýär.
Awtomobiliň dolandyryş paneli diagonaly 39 dýuým bolan giň displeýden ybarat. Onda awtosürüji hem göz öňünde tutulan: Nvidia Xavier prosessor moduly 15 kameradan, 12 ultrasesli we bäş millimetrli radardan maglumaty işleýär. Elektrokar üçin ilkinji sargytlar aprel aýynda kabul edilip başlanar, satuwa ol 2021-nji ýylyň ahyrynda çykar. Kompaniýalar salonsyz doly ölçegli maket görnüşinde elektrik krossowerini hem görkezdiler. Bu barada tehniki jikme-jiklik ýok, ol bazara 2022-nji ýyldan ir çykmaz.

düýn 08:19
1.9k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5.1k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......