Dünýäde täze milliarder peýda boldy

  • 15.01.2021 19:23
  • 31k+

Affirm maliýe tehnologiýasyny esaslandyryjylaryň biri, Kiýewde doglan Maks Lewçiniň baýlygy 2,7 milliard dollara ýetdi. Kompaniýanyň paýnama bahalarynyň birden ýokarlanmagy (tas iki esse) dünýäde täze milliarderiň peýda bolmagyna getirdi diýip, “Forbes” neşiri ýazýar. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Milliarderleriň sanawyna Lewçin ilkinji gezek goşulýar. Oňa Affirm paýnamalarynyň 11 göterimi degişli. 13-nji ýanwarda söwdanyň ahyryna çenli maliýe tehnologiýasynyň gymmatly kagyzlarynyň bahasy 97,24 dollara (98,45 göterim), kapitallaşdyrmasy bolsa 23,6 milliard dollara çenli ýokarlandy. Dört aýyň içinde ol 18 milliard dollar artdy.
Affirm gysga möhletli sarp ediş karzlary ulgamy arkaly möhleti uzaldylan töleg bilen onlaýn söwdany amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Kompaniýa San-Fransiskoda ýerleşýär. Ol 6500 töweregi satyjylar we brendler bilen hyzmatdaşlyk edýär, olaryň arasynda Adidas, Walmart we Dyson hem bar. 
Lewçin PayPal töleg hyzmatyny hem esaslandyryjylaryň biri. Ol Affirm-i 2012-nji ýylda döretdi we döredilen gününden bäri kompaniýa 1,5 milliard dollar toplady.
14-nji ýanwarda söwdanyň açylmagynyň öňüsyrasy Affirm paýnamalarynyň bahasy NASDAQ biržasynda 104 dollara çenli gymmatlamagyny dowam etdirdi.

düýn 11:08
898

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.8k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.8k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.1k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......