Türkmenistan we Hindistan syýasy geňeşmeleri geçirdi

  • 13.01.2021 23:23
  • 4.5k+

13-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, hindi wekiliýetine – Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary (Secretary West) Wikas Swarup ýolbaşçylyk etdiler.
Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar sebit we halkara gün tertibine degişli bolan, şol sanda Owganystan bilen bagly meseleler dogrusynda pikirleri alyşdylar, hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn özara hereketleriň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny belläp geçdiler.
Ileri tutulýan bilelikdäki taslamalaryň hatarynda maýa goýum hem-de üstünlikli durmuşa geçirmek babatynda hindi tarapynyň esasy gatnaşyjysy bolan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy aýratyn nygtaldy we onuň depgininiň soňky döwürde ähmiýetli derejede işjeňleşdirilendigi hem bellenilip geçildi.
Türkmen tarapy öz nobatynda Hindistany Türkmenistanda hususy pudagy ösdürmek maksady bilen döredilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum Gaznasyna gatnaşmaga çagyrdy.
Diplomatlar şeýle-de pandemiýadan soňky döwürde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli dowam edilmegi üçin täze çemeleşmeleriň gözleglerinde özara hereketleriň has hem ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny belläp geçdiler.

düýn 22:54
627

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......