Messi Ispaniýanyň çempionatynda ýene-de bir taryhy üstünlik gazandy

  • 10.01.2021 20:59
  • 14k+

“Barselonanyň” kapitany Lionel Messi Ispaniýanyň çempionatynda taryhy üstünlik gazandy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

“Granada” garşy 18-nji tapgyr duşuşykda hüjümçi iki gol saldy, onuň hasabynda şu möwsüm premýeranyň 17 oýnunda jemi 11 goly bar. Messi Ispaniýanyň çempionatynyň taryhynda yzygider 15 möwsümde azyndan on pökgi geçiren ilkinji oýunçy boldy.
“Granada” garşy oýunda Lionel Messi ikinji goluny jerimeden göni urgy bilen geçirdi. Ol pökgini 42-nji minutda girizip, hasaby 3:0-a ýetirdi. Häzir onuň hasabynda ähli turnirlerde “Barselona” üçin jerimeden göni urgy bilen girizen 48 goly bar. Bu goluň netijesinde Messi professional klub karýerasy üçin jerime urgusyndan 47 gol salan Kriştianu Ronaldudan öňe geçdi.
Ýatlap geçsek, “Barselona” bu duşuşykda “Granadany” 4-0 hasabynda ýeňdi.
Messi katalon klubynyň düzüminde jemi 751 oýna gatnaşdy. Hawi bu görkeziji boýunça rekord eýesidir, onuň hasabynda 767 oýun bar.

düýn 23:41
1.1k+

Konor resmi taýdan UFC-ä dolanýar: Makgregor UFC 329-da Maks Holloweýa garşy oktagona çykar

UFC promouşeniniň ýolbaşçysy Dana Waýt Konor Makgregoryň oktagona dolanýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Irlandiýaly söweşiji 11-nji iýulda "T-Mobile Arena" meýdançasynda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda......

düýn 16:26
4.6k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

düýn 14:50
3.7k+

Türkmenistan 42 medal bilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kontakt jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 42 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeledi....

18.05.2026 23:23
6.7k+

Fizikler Dünýä çempionatynda ulanyljak topuň garaşylýan wagtyndan öň ýere düşýändigini ýüze çykardylar

ABŞ-nyň Pýudžet-Saund uniwersitetiniň fizikleri 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi topuny synap gördüler we onuň örän gyzykly aýratynlygyny ýüze çykardylar....