Britaniýa dünýäniň koronawirus bilen kesellänleriň sany 3 milliondan geçen bäşinji ýurdy boldy

  • 10.01.2021 08:27
  • 15k+

Pandemiýa başlany bäri Beýik Britaniýada COVID-19-dan ýogalanlaryň sany 80 müň adamdan, kesellänleriň sany üç milliondan geçdi diýip, Birleşen Korollygyň saglygy goraýyş ministrligi habar berdi. Bu görkezijiler ýurduň hökümetiniň pandemiýanyň ilkinji tolkuny wagtynda, ýagny 2020-nji ýylyň ýazynda eden pessimistik çaklamalaryndan ýokarydyr diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, soňky bir günüň dowamynda Britaniýada koronawirus bilen kesellemegiň 59 937 ýagdaýy hasaba alyndy, 1 035 keselli ýogaldy.
Şeýlelikde, Beýik Britaniýa ABŞ-dan, Hindistandan, Braziliýadan we Russiýadan soň, dünýäde 3 million keselli belliginden geçen bäşinji ýurt boldy. Bir günde 50 müňden köp kesel ýagdaýy yzygider on ikinji gün hasaba alynýar. Soňky ýedi günüň içinde ýurtda ýüze çykarylan ýagdaýlar geçen ýedi günlük bilen deňeşdirilende 22% ýokarlandy.
Ýurtdaky kyn epidemiki ýagdaý, hünärmenleriň deslapky hasaplamalaryna görä, 70% ýokuşagan bolan koronawirusyň mutasiýa geçiren ştamy sebäpli güýçlenýär. Hökümet ýokanç bilen göreşmek üçin has berk çäreleri görmäge mejbur boldy we 4-nji ýanwarda üçünji karantiniň girizilendigini habar berdi.

düýn 20:17
3.5k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......