Indoneziýada Boeing 737 uçary heläkçilige uçrady

  • 09.01.2021 17:11
  • 26k+

Sriwijaya Air awiakompaniýasynyň Boeing 737-500 uçary Jakartanyň howa menzilinden uçandan soň, deňze gaçdy. Bu barada Sinhua agentligi ýerli telewideniýä salgylanyp habar berýär.

Kenarýaka howpsuzlyk gämisiniň kapitanynyň aýtmagyna görä, deňizde uçaryň bölekleri hem-de ýolagçylaryň jesetleri tapyldy.
Flightradar24 portalynyň maglumatlaryna görä, SJ182 gatnawy bilen aragatnaşyk UTC wagty bilen 7:40 kesildi. Bu hadysa uçar Jakartanyň howa menzilinden uçandan dört minut soňra bolup geçdi. Bir minuda ýetmän, ol 10 müň futdan gowrak belentligini ýitirdi.
Uçar Jakartadan Pontiaga ugur alypdy. Howa gämisinde 50-den gowrak ýolagçy bardy.
Maglumatlaryň üsti ýetirilýär.

düýn 13:27
10k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
7.9k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
10k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......

30.03.2026 23:13
13k+

Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?

Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....