2020-nji ýylda azyk önümleriniň dünýä bahasy rekordy täzeledi

  • 08.01.2021 23:35
  • 16k+

Esasy azyk önümleriniň we çig malyň dünýä bahasy 2020-nji ýylda soňky üç ýylyň içinde iň ýokary baha boldy. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) FAO-nyň azyk nyrhlarynyň indeksine esaslanyp habar berdi. Muny mk.ru belleýär.

Geçen ýylyň dekabr aýynda görkeziji 107,5 bala çenli, ýagny noýabr aýy bilen deňeşdirilende 2,2% ýokarlandy, hut şonda indeksiň tas alty ýylyň içinde iň ýokary derejesi bellige alnypdy.
2020-nji ýylda indeksiň ortaça görkezijisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3,1% ýokary boldy. Şeýle-de bolsa, ol 2011-nji ýylda hasaba alnan rekord görkezijiden 25% pesdir.
Şeýlelikde, FAO-nyň ösümlik ýagynyň baha görkezijisi dekabr aýynda 4,7% ýokarlandy (2012-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri rekord). Däneli ekinleriň baha görkezijisi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 6,6% ýokarlandy. Ýylyň ahyrynda iň uly ösüş tüwiniň (+8,6%), mekgejöweniň (7,6%) we bugdaýyň (5,6%) paýyna düşdi. Noýabr aýy bilen deňeşdirilende baha görkezijisi 3,2% ýokarlanan süýt önümleriniň bahasy 7 aý bäri ösýär.
FAO azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyny diňe käbir bökdençliklere we üpjünçiligiň yza çekilmegine getiren pandemiýa bilen baglanyşdyrmak islemeýär. Hünärmenleriň tassyklamalaryna görä, bahanyň dinamikasy üpjünçiligiň we islegiň gatnaşygyna baglydyr.

düýn 13:14
2.5k+

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew......

düýn 12:09
6.7k+

Türkmenistanda täze «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasy döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagynda hojalyk hasaplaşygyndaky «Galkynyşgaz» kärhanasyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......

düýn 12:05
6k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi

18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bitirilen işleriň netijeleri jemlendi......

18.04.2026 15:10
2.9k+

Hyundai dünýäde ilkinji bolup ammiak bilen işleýän gämini gurdy

Günorta Koreýanyň HD Hyundai Heavy Industries kompaniýasy doly ammiak ýangyjy bilen işleýän dünýädäki ilkinji gämini hödürledi. Bu taslama deňiz arkaly ýük daşamalarynda ekologiýa zyýan bermeýän täze döwrüň......