Türkmenistan Owganystana benzin ugratmak boýunça birinji ýerde durýar

  • 08.01.2021 20:01
  • 14k+

Owganystanyň Milli statistika we maglumat dolandyryş gullugynyň (NSIA) berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan Owganystana benzin üpjünçiligi boýunça birinji orny eýeleýär, şeýle hem dizel ýangyjy we suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edýän iň uly üç ýurduň biri bolup durýar. Bu barada owgan habar beriş serişdeleri ýazýar.

Şeýlelik bilen, 2020-nji ýylyň 9 aýynda Owganystan Türkmenistandan umumy bahasy 230 million dollardan gowrak önüm - 337 müň tonnadan gowrak awtomobil benzinini we dürli markalaryň 40 müň tonna dizel ýangyjyny, 147 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz, 4 müň tonnadan gowrak gaz kondensatyny, takmynan, 1,4 müň tonna polipropilen we nebit we gaz toplumynyň beýleki önümlerini satyn aldy.
Mundan başga-da, 140 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjy, 30 müň tonna awiasiýa kerosini we ş.m. ýaly nebit önümlerini gümrük paçsyz üpjün etmek amala aşyryldy, ýylyň üç çärýeginde olaryň bahasy 180 million dollardan geçdi.
Bu önümleriň esasy bölegi goňşy ýurda Atamyrat ― Akina demir ýoly arkaly, türkmen-owgan serhedindäki Ymamnazarda nebit önümlerini almak, saklamak we ibermek boýunça terminal arkaly iberilýär.

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......