Türkmenistan bilim edaralarynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirýär

  • 07.01.2021 22:00
  • 20k+

Türkmenistan sebitdäki we dünýädäki epidemiologik ýagdaýy göz öňünde tutup,  ýurduň bilim edaralarynda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirýär. Bu barada Türkmenistanyň bilim edaralarynda bilim işini guramagyň wagtlaýyn tertibini düzgünleşdirýän resminamada beýan edilýär, diýip ORIENT habar berýär.

Hususan-da, bilim edaralarynyň birnäçe girelgeleri we çykyşlary bolmaly, arakesme wagtynda okuwçylaryň, talyplaryň we mugallymlaryň okuw edarasynyň çäginden daşary çykmaklary, okuw zerurlygy bilen bagly bolmadyk hereketleriň hemmesi çäklendiriler.
Okuwçylaryň ata-eneleriniň we olaryň ornuny tutýan adamlaryň mekdebiň okuw binalaryna girmekleri çäklendiriler.
Başlangyç we ýokary synp okuwçylarynyň aýratyn ýerleşmekleri ýola goýlar, zerur bolsa mejlisler zallaryny, sport zallaryny we okuw otaglaryny bu meseläni çözmek üçin ulanyşa taýýarlamaly we amatly howa şertlerinde sapaklar açyk howada geçirilmeli.
Bilim edaralary, öz şertlerine laýyklykda, bir salkyndan iki salkyna, zerur bolsa, üç salkyna geçmeli.
Okuwçylarynyň sany köp bolan mekdeplerde okuwçy partalarynyň arasynyň 2 metr bolmagy we her bir okuwça (talyba) 5 inedördül metr meýdanyň düşmegi üçin synplar ikä bölünip okadylar.
Umumybilim edaralarynda okuw sagatlarynyň wagty 1-nji synplarda 25 minut, 2-4-nji synplarda 30 minut, 5-11-nji synplarda 35 minut bolar.
Her sapakdan soň arakesme 10 minut, uly arakesme bolsa, 20 minut möçberde kesgitleniler. Şunda okuw maksatnamalarynyň mazmunyny we mugallymlaryň iş ýüklerini saklap galmak möhümdir.
Orta we ýokary okuw mekdeplerinde sapaklaryň dowamlylygy 40 minut, sapaklaryň arasyndaky arakesme 20 minut bolar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine okuwçylary we talyplary gyzzyrma ýa-da beýleki kesel alamatlary bilen izolirlemek üçin okuw jaýlarynda ýörite otaglaryň döredilmegine gözegçilik etmek tabşyryldy.

düýn 14:00
2.9k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......

17.06.2026 09:44
2k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......

16.06.2026 14:46
4.1k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.3k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......