BMG: dünýäde garyplygyň derejesi soňky 22 ýylda birinji gezek ýokarlandy

  • 08.01.2021 14:13
  • 12k+

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň parahatçylygy we durnuklylygy goramak baradaky mejlisinde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2020-nji ýylda dünýäde aşa garyplyk derejesiniň soňky 22 ýylda ilkinji gezek ýokarlanandygyny aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Onuň bellemegine görä, “gowşak ýagdaýda we dawalaryň esasynda ykdysady işjeňligiň pese gaçmagy goşmaça 18-27 million adamy garyplyga sezewar eder”.
Bütindünýä banky dünýädäki iň garyp adamlaryň üçden iki böleginiň 2030-njy ýyla çenli durnuksyz ýurtlarda ýaşajakdygyny çaklaýar. Guterriş dawalaryň garyplyga we institutlaryň durnuksyzlygyna sebäp bolýandygyny belledi.
Ol garyplygy ýeňip geçmek üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň iki ýörelgesine esaslanýan has düýpli çemeleşmäniň gerekdigine ynanýar. Gürrüň durnukly ösüş bilen parahatçylygyň baglanyşygy we gatnaşygy barada gidýär.
BMG-niň Baş sekretary «Hiç kimi yzda galdyrmazlyk» borjy durnukly ösüşi ösdürmek, dawalaryň öňüni almak we çözmek boýunça alyp barýan tagallalarymyzyň üns merkezinde bolmalydyr» diýip belleýär.

27.06.2026 20:17
6.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......