UFC-niň ýolbaşçysy Getjiniň indiki garşydaşyny mälim etdi

  • 06.01.2021 23:08
  • 18k+

UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt amerikaly Jastin Getjiniň indiki garşydaşynyň braziliýaly Çarlz Oliweýra bolmalydygyny aýtdy. Bu barada sovsport.ru habar berýär.

“Eger ähli zat gowy bolsa, ähtimal, onuň garşydaşy Çarlz Oliweýra bolar” – diýip, MMA Fighting saýty Uaýtyň sözlerini getirýär.

Ýatlap geçsek, Getji 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda bolan soňky söweşinde Habib Nurmagomedowdan ýeňildi. 32 ýaşly amerikaly söweşijiniň hasabynda garyşyk başa-baş göreşde 22 ýeňşi bilen üç ýeňlişi bar.
Oliweýra 2020-nji ýylyň dekabr aýynda geçen soňky söweşinde Toni Fergýusondan üstün çykdy. 31 ýaşly söweşiji MMA-da 30 ýeňiş gazandy we sekiz gezek ýeňildi. Onuň ýeňiş tapgyry sekiz söweşden ybarat.

şu gün 11:08
570

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

düýn 22:05
1.6k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

düýn 12:01
1.6k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......