2020-nji ýylda ulanyjylar mobil oýunlara 111 milliard dollar sarp etdiler

  • 05.01.2021 23:55
  • 7.1k+

Sensor Tower analitik kompaniýasy ulanyjylaryň 2020-nji ýyl üçin mobil programmalarda çykdajylary barada hasabaty neşir etdi. Maglumatlara görä, ulanyjy çykdajylary 30,2 göterim ýokarlanyp, 111 milliard dollara ýetdi. Bu mobil bazary üçin täze rekorddyr diýip, 3dnews.ru belleýär.

Iň girdejili dükan App Store boldy, onda çykdajylar 30,3% ýokarlandy. Umumy alanyňda, ulanyjylar onda 72,3 milliard dollar sarp etdiler (2019-njy ýylda mukdar 55,5 milliard dollar boldy). Google Play-da çykdajylar 30% ýokarlanyp, 38,6 milliard dollara ýetdi (2019-njy ýylda mukdar 29,7 milliard dollar boldy). Platformalaryň ikisinde-de gurnamalaryň jemi sany 143 milliarddan geçdi.
Mobil oýunlarynyň bazary iň girdejilisi boldy. Ol 79,5 milliard dollar belligine ýetip, täze rekord goýdy (ösüş 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 26% boldy). iOS-yň paýy 47,6 milliard dollara deň, platformadaky iň girdejili oýun bolsa Honor of Kings (2,5 milliard dollar) boldy. Android eýeleri mobil wideo oýunlaryna 32 milliard dollar sarp etdiler, “Coin Master” (799 million dollar) lider boldy.
Analitikler görkezilen mukdarlaryň ýerli salgytlary, mahabat çykdajylaryny, gaýtargylary we beýleki çykdajylary öz içine almaýandygyny bellediler.

düýn 20:20
2.2k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

düýn 16:35
3.8k+

Düwmeli Nokia 1100 taryhda iň köp satylan telefon boldy

Ykjam gurluşlaryň taryhynda iň köp satylan telefon düwmeli Nokia 1100 modeli boldy. «BGR» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu enjamyň satuwy 250 million birlige ýetdi....

düýn 09:37
3.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

18.05.2026 14:50
1.7k+

LVMH kompaniýasy tas 30 ýyllap eýelik eden Marc Jacobs brendini satýar

Fransiýanyň LVMH kompaniýasy otuz ýyla golaý eýelik eden Marc Jacobs brendini WHP Global kompaniýasyna satmak barada ylalaşyk baglaşdy....