2021-nji ýylyň esasy kosmiki taslamalary

  • 05.01.2021 23:49
  • 5.8k+

Ýöriteleşdirilen Space.com portalynyň awtorlary 2021-nji ýylyň esasy kosmiki missiýalarynyň sanawyny düzdüler. Bu barada Regnum habarlar agentligi habar berýär.

2020-nji ýyl kosmos pudagy, şol sanda beýleki iş ugurlary üçin hem agyr boldy. Şeýle-de bolsa, pandemiýa şertlerinde-de birnäçe uly kosmos missiýalary amala aşyryldy.
Şu ýyl Ýaponiýa Aýa ilkinji kosmiki enjamyny ibermegi meýilleşdirýär. Ýaponiýanyň Yaoki enjamynyň Ýeriň tebigy hemrasyna United Launch Alliance amerikan kompaniýasynyň Vulcan Centaur raketa göterijisiniň kömegi bilen eltilmegi göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de, bu ýyl orbitada 1990-njy ýyldan bäri işleýän “Habbl” teleskopuny çalşyrmaga niýetlenen Jeýms Uebb kosmiki teleskopy uçurmak meýilleşdirilýär. NASA-nyň ýene bir taslamasy Ýupiteriň troýan asteroidlerini öwrenmek boýunça Lucy awtomatiki missiýasynyň başlamagy bolar.
Portalyň awtorlary 2021-nji ýylyň esasy taslamalarynyň arasynda Russiýanyň “Luna-25” missiýasyny aýratyn belleýärler. Ýene bir uly kosmiki taslama NASA amerikan aerokosmiki agentligi bilen şertnama boýunça Boeing kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Starliner kosmos gämisiniň synagy bolar.
Şeýle-de, 2021-nji ýylda Ýeriň orbitasyndaky hapalary aýyrmak ulgamyny döreden Ýaponiýanyň Astroscale kompaniýasynyň missiýasy Russiýanyň “Soýuz” raketa göterijisi arkaly “Baýkonur” kosmodromyndan uçurylar.

düýn 23:19
956

Saturnyň hemrasynda hatda ýeňiljek şemal hem uly tolkunlary döredip biler

Planetologlar tolkunlaryň emele gelişiniň mehanizmlerini düşündirýän uniwersal fiziki modeli işläp düzdi. JGR Planets žurnalynda çap edilen bu barlag Saturnyň Titan atly hemrasynda, hatda örän gowşak ýelleriň......

düýn 18:12
2.6k+

Ýagşyň sesi şalynyň gögerişini çaltlaşdyrýar

Amerikaly alymlar ýagşyň sesiniň şaly tohumlarynyň gögerişini çaltlaşdyryp biljekdigine göz ýetirdiler. Barlagyň netijesine görä, düşýän damjalardan çykýan akustiki tolkunlar ösümligiň öýjüklerinde titremäni......

düýn 15:24
3.2k+

Arheologlar Yssyk-kölüň düýbündäki suw astynda galan orta asyr şäheriniň syrlaryny açdylar

Halkara arheologik ekspedisiýasy Yssyk-kölüň Töru-Aýgyr obasynyň golaýyndaky suw howzunda geçirilen giň möçberli barlaglaryň netijelerini mälim etdi. Alymlar diňe bir orta asyr şäheriniň köçeleriniň kartasyny......

düýn 14:52
4.9k+

Sibirde 24 müň ýyl bäri doňup duran jandar gaýtadan janlandyryldy

Alymlar Sibiriň hemişelik doňan gatlagynda takmynan 24 000 ýyl bäri duran mikroskopik köp öýjükli jandary — kolowratkany (rotifer) janlandyrmagy başardylar....