Ermenistanyň prezidenti koronawirus bilen keselledi

  • 05.01.2021 23:31
  • 14k+

Ermenistanyň prezidenti Armen Sarkisýan Londonda koronawirus bilen keselledi.

“Ermenistanyň prezidenti iş rugsadynyň çäginde Londonda maşgalasy we agtyklary bilen Täze ýyly garşylady. 3-nji ýanwarda Londonda prezident aýakdan operasiýa geçirdi, ol üstünlikli geçdi. Ýöne prezidentde koronawirus ýokanjynyň alamatlary ýüze çykaryldy, onuň barlagy položitel netijäni berdi” – diýip, prezidentiň metbugat gullugy Ermenistanyň “Armenpress” döwlet habarlar agentligine habar berdi. Muny interfax.ru ýetirýär. 

Şeýle-de, Sarkisýanyň wagtlaýynça öz wezipesini uzakdan dowam etdirjekdigi bellenilýär.
Armen Sarkisýan 2018-nji ýylda respublikanyň prezidenti wezipesine saýlanmazdan öň, dürli ýyllarda Birleşen Korollykda Ermenistanyň ilçisi bolup işledi. Onuň maşgalasynyň bir bölegi häzir hem şol ýerde ýaşaýar.
Ermenistanda koronawirus ýokanjy bilen kesellänleriň sany geçen bir günde 324 san artyp, 160 544-e ýetdi. Soňky 24 sagadyň dowamynda hassahanalarda koronawirus keselli 14 syrkaw ýogaldy, pandemiýa başlany bäri ýogalanlaryň sany 2 878-e ýetdi. Pandemiýa başlany bäri ýokanç ilaty 2,9 mln adam bolan respublikanyň, takmynan, 5,5% ýaşaýjysynda ýüze çykaryldy.

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.3k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......