Uçuşlaryň azalmagyna garamazdan, awiaheläkçiligiň pidalarynyň sany bir ýylda köpeldi

  • 03.01.2021 17:19
  • 26k+

2020-nji ýylda awia heläkçiliginde ýogalanlaryň sany öňki ýyllara garanyňda, has köp. Bu barada To70 awiasiýa konsalting kompaniýasynyň statistikasyna salgylanyp, Reuters ýazýar. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Maglumatlara görä, 2020-nji ýylda uly ýolagçy söwda laýnerlerinde 40 heläkçilik bolup, olardan bäşisi adam pidasyna getirdi. Ölüm sany 299 boldy. 2019-njy ýylda 86 heläkçilik bolup, olardan sekiz sanysy adam pidasyna sebäp boldy, jemi 257 adam ýogaldy.
2020-nji ýylda awia heläkçiliginde ýogalanlaryň umumy sanynyň ýarysy Eýranyň howa giňişliginde gaçan ukrain uçarynyň ýolagçylarydyr. Heläk bolanlaryň sany: 176 adam. Ölüm sany boýunça ikinjisi maý aýynda 98 adamyň ölümine getiren Pakistanyň awialaýneriniň heläkçilige uçramagy boldy.
Flightradar24 web-saýtynyň maglumatlary boýunça, pandemiýa şertlerinde serhetleriň ýapylmagy sebäpli, 2020-nji ýylda uçuşlaryň sany 42 göterim azaldy.
Şeýle-de bolsa, soňky onýyllygyň dowamynda howa gatnawlary wagtynda ölüm sany ep-esli azaldy. Mysal üçin, 2005-nji ýylda uçarlaryň uly söwda gatnawlarynda 1015 adam ýogaldy. Awiasiýa üçin iň howpsuz ýyl 2017-nji ýyl boldy diýlip hasaplanylýar. Şonda tutuş ýylyň dowamynda 13 adamyň ölümine sebäp bolan iki awia heläkçiligi boldy.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......